Mun Çže In Olimpiada döwründe Ýaponiýada saparda bolar

  • 17.06.2021 22:31
  • 6.2k+

Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň Hökümeti 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlary döwründe Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Iniň bu ýurda saparyny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada TASS «Yomiuri» gazetine salgylanyp habar berdi.

Gazetiň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Seulda Günorta Koreýanyň Lideriniň garaşylýan saparyna bu ýurduň Phençhan şäherinde 2018-nji ýylda geçirilen Olimpiadanyň çäklerinde Ýaponiýanyň şol wagtky Premýer-ministri Sindzo Abeniň amala aşyran saparyna minnetdarlyk hökmünde garalýar. Şeýle hem Mun Çže In saparyň dowamynda Ýaponiýanyň häzirki Premýer-ministri Ýosihide Sugo bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşikleri geçirmek isleýär.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli geçirilmegi yza süýşürilen Tokio Olimpiadasynyň başlanjak günlerine az wagt galdy. 23-nji iýulda açyljak nobatdaky tomusky Olimpiýa oýunlary döwründe daşary ýurtly Prezidentleriň Ýaponiýa saparlaryny guramagyň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini biz ozal habar beripdik.

şu gün 16:30
232

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
504

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 23:57
1.2k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
5.3k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......