“Opel” Germaniýadaky esasy awtoulag sergisine gatnaşyp bilmez

  • 17.06.2021 22:22
  • 16k+

"Opel" ozal Frankfurtda geçirilen we häzirki wagtda Mýunhende geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara awtoulag sergisine (IAA) gatnaşmaz. Bu barada "Opele" eýeçilik edýän täze “Stellantis” kompaniýasynyň wekiline salgylanyp, “Automotive News Europe” habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda açyljak sergä "Stellantis" birleşiginiň “Peugeot”, “Citroen”, “Fiat”, “Alfa Romeo” we “Jeep” ýaly beýleki awtoulag markalary hem gatnaşmaz. Pul tygşytlamak maksady bilen, konsern täze önümlerini görkezmek üçin öz çärelerini guramagy maksat edinýär. Mysal üçin, Mýunhendäki awtoulag sergisinden bir aý soň "Opel" özüniň iň möhüm täzeliklerinden biri bolan täze nesil "Astrany" tanyşdyrar.
"Stellantisiň" Mýunhende awtoulag sergisine gatnaşmakdan ýüz öwürendigine garamazdan, “Volkswagen”, “Ford”, “Dacia”, “Renault”, “Audi”, “Porsche”, “Mersedes-Benz” we “BMW” ýaly kompaniýalar öz awtoulaglaryny çärä getirerler. Mundan başga-da, awtoulag sergisine motosikl öndürijileri we komponentleri üpjün edijiler bolan Hytaýyň “WEY” we “Nio” markalary gatnaşarlar. “Toyota”, “Kia” we “Jaguar Land Rover”-iň bu çärä gelmejekdigi bolsa öňden bäri aýdylyp gelinýär.
1951-nji ýyldan bäri geçirilýän Frankfurt awtoulag sergisiniň ýapyljakdygy 2020-nji ýylyň başynda mälim boldy. Bu karar Germaniýanyň awtoulag senagaty assosiasiýasynyň (VDA) çäreleri mundan beýläk Mýunhende geçirmeli diýen netijä gelnen ýygnagyndan soň kabul edildi. Mundan başga-da, awtoulag sergisini geçirmäge dalaşgärleriň arasynda Gamburg we Berlin hem hasaba alyndy.


28.10.2025 19:05
7k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

26.10.2025 22:30
10k+

Germaniýada 2026-njy ýylyň iň gowy awtoulaglary saýlandy. Sanawda ýekeje-de nemes markasy ýok

“Germaniýada ýylyň awtoulagy 2026” (GCOTY) bäsleşiginiň eminleri bäş esasy nominasiýada ýeňijileri yglan etdiler. Bu sapar ýeňiji bolan modelleriň arasynda nemes markalarynyň ýoklugy aýratyn üns çekdi. Baýraklar ABŞ, Günorta Koreýa we Çehiýa awtoulaglaryna berildi...

28.09.2025 23:46
4k+

Volkswagen Germaniýadaky zawodlarynda önümçiligi wagtlaýyn togtadýar

Ýewropanyň iň uly awtoöndürijileriniň biri bolan Volkswagen elektromobil önümçiliginiň möçberini azaldýar we Germaniýadaky iki zawodynyň işini wagtlaýyn togtadýar. Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, Swikkaudaky zawod 6-njy oktýabrdan başlap bir hepdelik awtomobil önümçiligini bes eder...

22.09.2025 18:01
3.1k+

Mercedes Germaniýada öz zerurlyklary üçin hususy ýel elektrostansiýasyny gurar

Mercedes-Benz Germaniýanyň demirgazygynda Papenburg şäherindäki synag ýolunyň çäginde hususy ýel elektrostansiýasynyň gurluşygyna başlady. 2027-nji ýyla çenli, takmynan, 800 gektarlyk ýerde umumy kuwwaty 140 megawatt bolan 20 ýel turbinasyny gurnamak meýilleşdirilýär...