Täze "Toyota Land Cruiser 300" 2023-nji ýyldaky "Dakar" rallisine gatnaşar

  • 17.06.2021 22:15
  • 17k+

2023-nji ýylda Toyotanyň "Auto Body" bölümi “Dakar” rallisine "Land Cruiser 300" bazasynda öndürilen ýaryş awtoulagyny gatnaşdyrar. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Bu täze nesil awtoulagy birnäçe gün mundan ozal tanyşdyrylypdy. Ralli üçin niýetlenen model ýaryşda Production/Т2 klasynda çykyş eder.
“Land Cruiser 300” modelinde dokuz ýyl bäri ýaryşa “200” belligi astynda çykýan ulaglarda üstünlikli gatnaşýan we birnäçe gezek öz klasynda ýeňiji bolan "Team Land Cruiser Toyota Auto Body" topary çykyş eder.
Häzirki wagtda “Land Cruiser 200” rallä doly zawod görnüşinde gatnaşýar diýip, speedme.ru portaly belleýär. Ulagda diňe howpsuzlyk karkasy oturdylýar we salonyň artykmaç elementleri aýrylýar, şeýle hem goşmaça ýangyç baky, şnorkel we goşa sport amortizatorlary oturdylýar. Şol bir wagtyň özünde rama, hereketlendiriji, transmissiýa we beýleki komponentler hem-de gurnamalar üýtgedilmeýär. Şu ýagdaýda ýapon ulagy bütin ýoly kösenmän geçýär diýip, çeşme belleýär.


17.02.2026 09:45
4.8k+

Toyota-dan täze "ykjam" wnedorožnik: Land Cruiser FJ-iň köpçülikleýin önümçiligi başlandy

Täze Toyota Land Cruiser FJ modeliniň seriýalaýyn önümçiligine resmi taýdan badalga berildi. Carscoops neşiriniň maglumatyna görä, ulag Tailanddaky zawodda ýygnalyp başlandy we şu ýylyň ahyryna çenli ilkinji eýelerine gowşurylar...

14.02.2026 14:11
4.2k+

Ýaponiýadaky awtobezeg ussahanasy Toyota Century-ni sport "lybasyna geýindirdi"

Ýaponiýanyň Tom’s Racing týuning (awtobezeg) studiýasy Toyota Century lýuks sedanyny döwrebaplaşdyryp, oňa has sport we agras görnüş berdi. Bu täzelik adaty durnuklylygy we asudalygy aňladýan Century modeliniň imijini düýpli üýtgedýär...

13.02.2026 15:12
2.9k+

Toyota we Pony.ai Hytaýda bZ4X önümçilik robotaksisini çykarýar

GAC Toyota we Pony.ai kompaniýalary Hytaýda Toyota bZ4X elektrik krossoweriniň esasynda döredilen täze robotaksisini tanyşdyrdy. Bu ulag sürüjini doly çalşyp bilýän ýedinji nesil awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy...

13.02.2026 11:54
6.5k+

Awstraliýada Toyota Hilux-yň mahabaty gadagan edildi: Sebäp — itler

Awstraliýanyň mahabat standartlary boýunça geňeşi Toyota Hilux modeliniň täze wideosyny "kanuna garşy we howply hereketleri wagyz edýär" diýip hasaplady. CarExpert portalynyň habar bermegine görä, regulýatorlar wideonyň häzirki görnüşinde efire berilmegini bes etmegi talap etdiler...