Türkmen Lideri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

  • 17.06.2021 13:27
  • 7.6k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.

«Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar» atly onlaýn sammite birnäçe döwletleriň Baştutanlary, bu gurama agza ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ýokarda agzalan ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin bu ugur boýunça YHG-nyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi.
Onlaýn tertipde geçirilýän foruma gatnaşyjylara söz berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň barşynda belleýşi ýaly, bu duşuşykda garalýan mesele maglumat tehnologiýalarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen we adamzat üçin düýpli ähmiýeti bolan ugurlarynda bilelikdäki ylmy işleri talap edýän häzirki döwründe örän möhüm bolup durýar.
Dünýä ylmyna we medeni ösüşine bahasyna ýetip bolmajak taryhy goşant goşan yslam dünýäsi häzirki döwürde ykdysady ösüşiň innowasion hem-de ýokary tehnologiýaly nusgalaryna durnukly geçmek üçin raýdaş çemeleşmeleri talap edýän ýönekeý bolmadyk döwri başdan geçirýär diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Munuň üçin ähli zerur zatlar — adam mümkinçiligi, baý tebigy serişdeler, ep-esli maliýe mümkinçilikleri, amatly fiziki-geografik şertler bar.
Häzirki döwürde YHG sanalyp geçilen bu mümkinçilikleri netijeli we rejeli ulanmak, musulman ymmatynyň ähli agzalary üçin hakyky peýda gazanmak maksady bilen, eýýäm ençeme möhüm ädimleri ätdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki döwürde ýokarda görkezilen maksatnamada ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiniň bu ugurda alyp barýan işlerine ýokary baha berýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolup durýar. Bu halkara guramanyň 1969-njy ýylda esaslandyrylandygyny bellemek gerek. Onuň ştab-kwartirasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ýerleşýär. Şu güne çenli dünýäniň 57 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar. Birnäçe ýurtlar we iri guramalar, şol sanda BMG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi bu guramada synçynyň derejesine eýedir.


düýn 15:21
1.5k+

Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi bilen 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 15:18
3.6k+

Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 10:20
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

12.01.2026 18:07
2.3k+

Raşid Meredow Kaha Imnadze bilen öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy...