Şweýsariýada «ýaşyl» kanunçylyk goldanylmady

  • 16.06.2021 18:00
  • 4.5k+

Şweýsariýanyň halky golaýda geçirilen sala salşyklarda emeli pestisidleri gadagan etmek we bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça «ýaşyl» kanunçylyk namasyny goldamady. Bu barada ses berişlikleriň netijelerine salgylanyp, rg.ru saýty habar berýär.

Resminamada bug gazlarynyň zyňyndylaryny awtomobil ýangyjynyň we awiapetekleriň bahasyny ýokarlandyrmak arkaly azaltmak göz öňünde tutulypdy. AP agentliginiň maglumatlaryna görä, bu işlerden gazanylan goşmaça girdejiler klimatyň üýtgemeginiň täsiri has ýiti duýulýan sebitlere, şeýle-de elektroawtobuslaryň, innowasion tehnologiýalaryň we täze ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilmegine ýardam bermelidi.
Politico neşiriniň ýazmagyna görä, sala salşyga hödürlenen bu başlangyjyň maksady Şweýsariýanyň Hökümetine 2030-njy ýyla çenli zyýanly galyndylaryň möçberini 1990-njy ýylyň ikinji ýarymyndaky ýaly derejede peseltmäge mümkinçilik döretmekden ybaratdy. Ýöne kanunçylyk namasynyň tankytçylary onuň durmuş ýüzünde umumydünýä ekologiýa ýagdaýlaryny üýtgedip bilmejekdigini aýtdylar. Gaýtam, ýurduň çägi nazara alnyp, onuň belli bir derejede ýaşaýjylar üçin ykdysady kynçylyklary getirip biljekdigi nygtaldy.
Emeli pestisidler barada aýdylanda bolsa, bu ugurda ses bermek üçin iki teklip hödürlendi. Birinjiden, geljek 10 ýylyň dowamynda bu serişdeleri gadagan etmek hem-de pestisidler ulanylyp taýýarlanan azyk önümleriniň importyny ýatyrmak. Ikinji teklip, öz gezeginde, döwlet subsidiýalaryna hukugy şu hili serişdeleri ulanmakdan ýüz öwren we antibiotikleriň kömegine diňe keselli haýwanlary bejermek üçin daýanýan fermerlere bermegi göz öňünde tutýardy. Muňa garamazdan, fermerler bu işleriň öz bizneslerini togtatmaga getirjekdigini aýdyp, kanuny peýdasyz diýip hasap etdiler.


15.06.2026 18:40
6.4k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......