Bitkoin geljekde altynyň ornuny tutup biler

  • 16.06.2021 16:58
  • 6.7k+

Skybridge Capital girdeji gaznasynyň esaslandyryjysy Entoni Skaramuççi meşhur kripto walýuta bolan bitkoiniň geljekde altynyň ornuny tutmagynyň mümkindigini aýtdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

"Bitkoin henizem ösýär, şonuň üçin hem ol şu ýyl juda gowy netijeleri görkezdi diýesim gelýär" - diýip, Skaramuççi öz pikirini CNBC-niň žurnalisti bilen paýlaşdy. Hünärmen häzirki wagtda bu kripto walýutasynyň entek durmuşa geçirmegiň başlangyç tapgyryndadygyny we onuň geljekde altynyň ornuny tutup biljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Skaramuççi bitkoine, takmynan, 500 million dollar töweregi kripto walýutalaryň satyn alandygy bilen baglylykda, onuň entegem ösmegini dowam etdirjekdigine ynanýar. "Skybridge Capital"-yň analitikleri 2025-nji ýyla çenli bitkoin eýeleriniň sanynyň 125 milliondan 1 milliarda çenli artjakdygyny çaklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, hünärmen bitkoiniň ýene birnäçe ýyldan soň hem edil häzirkisi ýaly üýtgäp durjakdygyny belleýär.


03.10.2025 17:03
4.1k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

30.09.2025 16:59
2.5k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

06.09.2025 16:32
7.6k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

14.04.2024 14:46
9.3k+

Kriptowalýutalar birden 10-30% arzanlady. Bitkoin ýitiren bahasynyň bir bölegini yzyna almagy başardy

Şenbe güni geçirilen söwda sessiýasynda bitkoiniň hümmeti düýpli üýtgäp başlady. Iki sagadyň dowamynda esasy kriptowalýutanyň bahasy, takmynan, 10% arzanlap, 60-61 müň dollar töweregi aşaklady, hatda, birža baglylykda...