Tesla özüniň iň çalt elektromobilini hödürledi

  • 14.06.2021 21:58
  • 7.3k+

Tesla amerikan kompaniýasy Kaliforniýa ştatynyň Frimont şäherinde özüniň täze Model S Plaid elektromobilini görkezdi. Teslanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň alyp barmagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy kompaniýanyň saýtynda görkezildi. Bu barada TASS habar berýär.

Telekeçiniň belleýşi ýaly, tankytçylar öň Model S awtomobiliniň täzelenen wersiýasynyň “örän çalt” boljakdygyna ünsi çekip, şeýle ulaglary çykarmagyň zerurlygyna şübhe bildirdiler. Maskyň aýtmagyna görä, Model S Plaid-iň işlenip düzülmegi durnukly energetikanyň geljegi üçin diýseň möhüm boldy.
Kompaniýa Model S Plaid-iň köpçülikleýin öndürilýän iň çalt awtomobil boljakdygyny belleýär. “Model S Plaid islendik sport awtomobilinden, islendik Porsche-den has çalt we şol bir wagtyň özünde islendik Volvo-dan has howpsuz awtoulagdyr” – diýip, Mask aýdýar. Model S Plaid iki sekuntdan az wagtyň içinde sagatda 96,5 kilometre çenli bat alyp bilýär. Elektromobiliň iň ýokary tizligi sagatda 320 kilometrden geçýär. Awtomobil zarýad bermezden 620 kilometrden gowrak ýoly geçip bilýär. 
Mask 25 sany Model S Plaid awtomobiliniň müşderilere eýýäm iberilýändigini belledi. Hepdäniň dowamynda bu awtoulaglardan ýene-de ýüzlerçesini ýola goýmak meýilleşdirilýär.


22.05.2026 10:06
6.2k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

12.05.2026 19:02
1.7k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

12.05.2026 14:52
2.3k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....