Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 176 sany geleşik baglaşyldy

  • 14.06.2021 21:26
  • 5.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň telekeçileri  “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna  Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekillerine tüýjümek önümler we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 2 million 252 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 822 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 590 million manatlyga golaý Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle-de el halylary hem-de pagta süýümini  satyn aldylar.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
2.9k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......