Pan Gi Mun ýene-de Halkara Olimpiýa Komitetiniň etika boýunça komissiýasynyň başlygy bolar

  • 13.06.2021 21:57
  • 3.5k+

BMG-niň ozalky Baş sekretary Pan Gi Mun Halkara Olimpiýa Komitetiniň etika boýunça komissiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlanar. Bu barada HOK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň golaýda geçirilen mejlisinde guramanyň ýolbaşçysy Tomas Bah aýtdy.

Azertag.az Tomas Bahyň: «Ýerine ýetiriji komitet BMG-niň sekizinji Baş sekretary Pan Gi Muny onuň 2017-nji ýylda eýelän wezipesine — Halkara Olimpiýa Komitetiniň etika boýunça başlyklygyna gaýtadan saýlamagy teklip etdi» diýen sözlerini getirýär.
Pani Gi Munyň täzeden saýlanmagy üçin onuň kandidaturasy HOK-nyň sessiýasynda goldanmaly. Onuň golaýdaky mejlisi 20-21-nji iýulda Tokioda geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, Pan Gi Mun 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2016-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli BMG-niň Baş sekretary wezipesini eýeläpdi. HOK-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Bütindünýä antidoping agentliginiň (WADA) ozalky prezidenti Kreýga Ridini Halkara Olimpiýa Komitetiniň hormatly agzasy hökmünde saýlamak hakyndaky teklibi hem goldady.

şu gün 15:48
2.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 19:38
4.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......