TNGIZT 2021-nji ýylda daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn alar

  • 12.06.2021 12:56
  • 9.9k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn almagy göz öňünde tutýar. «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çig nebiti satyn almagy hakyndaky» Karara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Döwlet Baştutany nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ileri tutulýan ugurlarydygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Türkmen Lideri resminama gol çekip, onuň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......