Psihiki saglyk ykdysadyýete täsir edýär

  • 11.06.2021 19:37
  • 7.8k+

Psihiki saglyk bilen bagly meseleler dünýä ýüzüniň millionlarça adamlaryna, şol sanda ykdysady harajatlara hem täsirini ýetirýär. Bu barada Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň soňky çap edilen hasabatynda maglumatlar getirilýär — diýip, euronews.com habar berýär.

COVID-19 pandemiýasy işde, sosial durmuşda, bilimde, sport bilen meşgullanmakda we lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmakda ýaramaz täsirini ýetirip, ýagdaýlary has-da çylşyrymlaşdyrdy. Psihiki saglyk bilen bagly meseleler Ýewropanyň jemi içerki önüminiň, takmynan, 4 göterimine barabar ykdysady harajatlara getirýär. Onuň ýarysy gönüden-göni bejergiler, üçden biri bolsa işsizligiň pes derejesi we zähmet öndürijiliginiň aşak düşmegi bilen baglydyr.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň täze hasabatynda aýdylyşy ýaly, psihiki näsazlyklar bilen bagly ýokary sosial we ykdysady çykdajylary azaltmak maksady bilen, bir wagtyň dowamynda maýa goýumlaryny hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrmak arkaly, ýurtlar ejir çekenlere deň goldaw bermeli. Şeýle hem hasabatda ýazylyşy ýaly, psihiki saglyk bilen bagly meseleleriň çözgüdiniň ilkinji ädimi hökmünde degişli ýolbaşçy düzümlere bu meseläni boýun almak zerur.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......