Türkmenistanda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň wekilhanasy işläp başlady

  • 11.06.2021 16:46
  • 8.7k+

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň täze düzüminiň — Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasy işläp başlady. Şu mynasybetli BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň edara binasynda dabaraly çäre geçirildi. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, BMG-niň Aşgabatda akkreditirlenen agentlikleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleriniň we žurnalistleriň gatnaşmagynda guralan çärede ÝUNOPS-yň wekilhanasynyň açylmagynyň bähbitli taraplary hem-de geljekki mümkinçilikleri, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge gönükdirilen täze grant taslamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň täze wekilhanasynyň açylmagynda Türkmenistanyň bu guramany bilelikde iş alyp barmak üçin çagyrmagy we lukmançylyk enjamlaryny hödürlemek arkaly Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça  Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan öňe sürlen bilelikdäki taslamany amala aşyrmak babatda degişli resminamanyň alşylmagy aýgytlaýjy orun eýeledi. Munuň özi ýurdumyzda Milletler Bileleşiginiň wekilçiliginiň barha giňelýändigini alamatlandyrmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde hem nobatdaky mümkinçilikdir. Şu meselä ünsi çekip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand:

— Soňky iki ýylda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda iş alyp barýan ýöriteleşdirilen agentlikleriň sany 6-dan 9-a çenli köpeldi. Munuň özi agza ýurtlara Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini hödürlemek boýunça guramanyň özgertmelerini amala aşyrmaga çagyryşdyr — diýip nygtady we BMG-niň agentliklerine ýurdumyzda öz wekilhanalaryny açmaga hem-de iş alyp barmaga, gyzyklanma bildirýän milli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga döredilýän mümkinçiliklerdir berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi.

Çärä wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan ÝUNOPS-yň köpýurtly edarasynyň Awstriýadaky müdiri Freýýa fon Groot bolsa, öz gezeginde, bu düzümiň alyp barýan işi we Türkmenistanda amala aşyryljak taslamanyň ähmiýeti barada gürrüň berip:

— Geljek aýlarda ÝUNOPS Türkmenistanda ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň hem-de pandemiýanyň durmuş-ykdysady ýagdaýlara täsirine garşy göreşmegiň degişli meýilnamalarynyň amala aşyrylmagyna gönüden-göni goldaw berjek lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek babatda iş alyp barar. Bu taslama Türkmenistanyň pandemiýa taýýarlygyny üpjün etmek bilen, ýurduň ilatynyň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň bähbidine gönükdiriler we 2022-nji ýylyň martyna çenli amala aşyrylar.

BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi ýurduň çägindäki hassahanalardyr lukmançylyk merkezleriniň 15-sine degişli enjamlardyr serişdeleri satyn almak üçin Türkmenistanyň Hökümeti we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýar hem-de utgaşdyrar. Şeýle-de lukmanlary okatmak, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, durnukly iş ýerlerini üpjün etmek babatda goldaw berer — diýip belledi.

 


düýn 19:40
879

Türkmenistanyň DIM-inde Rumyniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

3-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine seretdi...

düýn 05:55
7.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda oba hojalyk meseleleri we gurluşyklary ara alyp maslahatlaşdy

2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde...

02.02.2026 16:33
2k+

TDHÇMB-da bir hepdede 5,893 mln dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt alyjylary bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy diýip, TDH habar berýär...

02.02.2026 00:53
2.4k+

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...