BAFTA film baýraklarynyň esasy ugurlarynda ýeňijiler belli boldy

  • 10.06.2021 23:42
  • 3.6k+

Londonda BAFTA film baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda baýraklaryň esasy ugurlarynda kimleriň ýeňiji bolandygy mälim edildi diýip, cursorinfo.co.il habar berdi.

Dabara Angliýanyň paýtagtynyň Telewideniýe merkezinde geçirilip, ony Riçard Aýoade alyp bardy. Çäre garyşyk tertipde geçdi we oňa birnäçe dalaşgär onlaýn ýagdaýda gatnaşdy. Netijede, baş baýraga "Men seni ýok edip bilerin" seriýaly mynasyp boldy. Şeýle hem “Iň oňat drama aktrisasy” kategoriýasynda bu taslamada baş keşbi janlandyran Mihaela Koele ýeňiji boldy. Ýeri gelende bellesek, serialyň ssenariýasy hem Koele tarapyndan ýazylypdy. "Men seni ýok edip bilerin" filminde döredijilige ýaňyrak başlan londonly zenan ýazyjy hakynda gürrüň berilýär.
Baýragyň "Iň oňat drama aktýory" kategoriýasynda bolsa "Adaty adamlar" filminde oýnan Pol Meskal ýeňiji boldy.


19.06.2026 19:18
3.3k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......