Telemedisina lukmany — Russiýada 2021-nji ýylyň iň talap edilýän hünäri

  • 10.06.2021 23:57
  • 10k+

Russiýada 2021-nji ýylda iň esasy talap edilýän täze hünär hökmünde telemedisina lukmanynyň hünäri ykrar edildi. Pandemiýa döwründe hut şu ugurdaky hünärmenlere isleg 5 esse ýokarlandy. Muny anyklamak üçin zarplata.ru serwisiniň barlag merkezi gözegçilik geçirdi. Bu barada TASS agentligi ýazýar.

Gözegçilik 3-8-nji iýun aralygynda geçirildi we onuň netijeleri boýunça habarda: «Russiýada 2021-nji ýylda iň talap edilýän täze hünär telemedisina lukmany boldy — şu ugurdaky hünärmenlere isleg pandemiýa döwründe 5 esse ýokarlandy. Şonuň bilen birlikde terapewt we pediatr lukmanlaryna isleg 10 esse artdy. Häzir olara 130 müň rubl aýlyk hödürleýärler» diýip bellenilýär.
Gözegçiler şeýle hem geljekde talap ediljek hünärleriň arasynda nawigasiýa we Arktika şertlerinde gurluşykda işlejek hem-de robot tehnikasy boýunça hünärmenleriň bardygyny aýdýarlar. Täze dörän dronlaryň sürüjisi, kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmen, 3D usulda çap etmegiň inženeri, hyýaly hakykat dizaýneri ýa-da VR arkitektor ýaly hünärler hem durnukly talap edilýänleriň hatarynda görkezilýär.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......