Bitkoin taryhda ilkinji gezek kanuny töleg serişdesi hökmünde tassyklanar

  • 09.06.2021 21:01
  • 8.3k+

Salwador Respublikasynyň prezidenti Naýyb Bukele bitkoini kanuny töleg serişdesi hökmünde tassyklamak isleýändigini mälim etdi. Bu barada msn.com habar berdi.

Eger-de bu niýet amala aşsa, Salwador Respublikasy bitkoiniň kanuny taýdan töleg serişdesi hökmünde hereket edýän ilkinji ýurdy diýen ady alar. Bukele niýetiniň çynlakaýdygyny tassyklap, degişli kanunyň taslamasynyň indiki hepde Kongresde hödürlenjekdigini habar berdi. Salwadoryň prezidentiniň pikiriçe, bu başlangyç gysga wagtda ýurtda täze iş ýerleriniň döremegine getirer. Bulardan başga-da, bitkoiniň kanunylaşdyrylmagy ýurduň ýaşaýjylarynyň ençemesiniň maliýe taýdan gurplanmagyna ýardam eder.
Ýatlap geçsek, ýakynda "Tesla" kompaniýasy öz elektrikli awtoulaglaryny bitkoine satmakdan ýüz öwrüpdi. Amerikaly awtoulag öndürijisi muny daşky gurşaw baradaky alada hökmünde düşündirip, kripto puly öndürmek üçin köp mukdarda minerallaryň sarp edilýändigini aýdypdy.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...