Jon MakGregor ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde wezipesine girişdi

  • 09.06.2021 15:33
  • 9.1k+

Jon MakGregor ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy hökmünde özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Düýn ilçini Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Sebit we dünýä ösüşiniň bar bolan kuwwatyndan, ileri tutulýan wezipelerinden ugur almak bilen, sanly ykdysadyýet, durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy, ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini rejeli ulanmak, Aral bilen baglanyşykly meseleler özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn demokratik özgertmeleri, häzirki ýagdaýlaryň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmagyň esasynda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen ÝHHG-niň ugurdaş düzümleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň, parlamentara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
Şeýle hem sebitleýin we halkara derejede häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde, şol sanda serhetýaka jenaýatçylyga, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmakda we kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygy tassyklanyldy.


18.04.2026 00:06
13k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

17.04.2026 23:49
9.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

16.04.2026 14:28
4.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

15-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň......

13.04.2026 11:59
10k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady

Awstriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşyk geçirdi....