Kipr — Ýewropanyň iň arassa deňizli ýurdy boldy

  • 08.06.2021 21:53
  • 7.7k+

Kipr Ýewropanyň iň arassa deňzi bolan ýurdy boldy. Dürli sebitlerdäki suwlaryň arassalygyna Ýewropanyň daşky gurşawy goramak boýunça agentliginiň hünärmenleri öz saýtynda baha berdiler. Bu barada Day.Az habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ada döwleti suwa düşmek üçin iň oňaýly ýer statusyny saklady – respublikanyň kenarlarynyň 100 göteriminde suwuň hili “örän gowy” diýlip bellenildi.
Şeýle-de, ýokary bal alan döwletler: Awstriýa – suwa düşülýän ýerleriň 97,7 göterimi arassa, Gresiýa – 97,1 göterim, Malta – 96,6 göterim, şeýle-de Horwatiýa – 95,1 göterim.
Mundan başga-da, Ýewropanyň kenarýaka zolaklarynyň 93 göteriminiň suwuň iň pes talaplaryna laýyk gelýändigi habar berildi.


03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

24.01.2026 01:02
6.7k+

ÝB ýolagçylara çemodanlaryny plastik plyonka bilen örtmegi gadagan etmekçi bolýar

Ýewropa Bileleşigi howa ýolagçylaryna dahylly täze çäklendirmeleri taýýarlaýar. Olara laýyklykda, howa menzillerinde çemodanlary plastik plýonka bilen örtmegi gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu düzgün daşky gurşawa täsirleri azaltmaga gönükdirilendir...

10.01.2026 11:18
3.7k+

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy habar berýär. Ýylyň dowamynda Ýewrokomissiýanyň goldaw bermeginde bu şäherlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler, sergiler we çykyşlar geçiriler...

18.12.2025 11:38
5.2k+

Fransiýada Ýewropanyň iň uzyn şäher asma ýoly işläp başlady

Fransiýanyň Il-de-Frans sebitinde ilkinji şäher asma ýoly resmi taýdan açyldy. Ol Ýewropada iň uzyn şäher asma ýoly boldy. Câble C1 adyny alan bu ýol Wal-de-Marn departamentinde Kreteý we Wilnýow-Sen-Žorž şäherlerini birleşdirýär diýip, BFTMV habar berýär...