Kaliforniýada ýolagçylar sürüjisiz öz-özüni dolandyrýan ulaglarda gatnap bilerler

  • 08.06.2021 21:38
  • 9.1k+

Kaliforniýada synag taslamasy işe giriziler we onuň dowamynda awtonom ulaglara ýolagçy gatnatmaga rugsat berler. Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň Kommunal kärhanalar boýunça komissiýasy Cruise kompaniýasyna ýolagçylary sürüjisiz awtomobiller bilen üpjün etmek boýunça ilkinji maksatnama gatnaşmagyna rugsat berdi. Bu barada edara habar berdi diýip, RIA Nowosti belleýär.

“Cruise – CPUC sürüjisiz maksatnamanyň ilkinji gatnaşyjysy. Bu maksatnamanyň çäginde ýolagçylar synag awtomobillerinde sürüjisiz gatnap bilerler. Cruise synag ulaglaryndaky gatnawlar üçin ýolagçylardan töleg alyp bilmez” – diýlip, relizde aýdylýar.

Ýöne synaglar üstünlikli tamamlanandan soň, ähli gatnawlar bellenen nyrh boýunça tölener. 
Ştatyň häkimiýetleri şeýle awtomobilleriň ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, ýüze çykýan heläkçilik ýagdaýlarynyň sanyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirýärler. 
Häzirki wagtda Cruise-iň kämilleşdirilen Chevrolet Bolt elektrokary bar. Wagtyň geçmegi bilen Cruise pedalsyz we rulsuz hususy Cruise Origin elektrokaryny çykarar. Bu GM-iň täze elektrik platformasynda döredilen sürüjisiz ulag serişdesidir.

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......