«Sputnik V» her aýda 20 million dozada öndüriler

  • 05.06.2021 21:52
  • 6.1k+

Russiýada koronawirusa garşy «Sputnik V» sanjymyny öndürýän iri derman kompaniýasy bolan «Generium» şu ýylyň iýulyndan her aýda 20 million doza çenli sanjym öndürip başlar. Bu barada kompaniýanyň Baş direktory Daniil Talýanskiý habar berdi — diýip, TASS agentligine salgylanyp, «МИР 24» teleýaýlymy maglumat berýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Russiýa ilata sanjym etmek üçin «Sputnik V» sanjymynyň 30 million dozasyndan gowragyny satyn aldy. Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Russiýanyň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko bu barada aýtdy. Koronawirusa garşy bu sanjymyň birinji tapgyrynda russiýalylaryň 18 milliona golaýyna sanjym edildi.
Häzirki wagtda ýurtda COVID-19-a garşy sanjymlaryň dördüsi — «Sputnik V», «Sputnik Laýt», «EpiWakKorona» we «KowiWak» hasaba alyndy.


23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...