Toyota Mirai geçen ýoly boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 04.06.2021 19:14
  • 19k+

Wodorod kuwwaty bolan Toyota Mirai sedany bir ýangyçda müň kilometrden gowrak ýoly geçip bildi we şeýlelik bilen, geçilen ýoluň uzaklygy boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Toyota Europe saýtynda habar berilýär. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

Wodorod Mirai-niň bu synagy 26-njy maýda 5:43-de geçirildi. Awtomobil Fransiýanyň howa menziliniň golaýynda ýerleşýän HYSETCO wodorod stansiýasyndan hereket edip başlady we 1003 kilometrden ýoluny tamamlady. Ýoluň uzaklygy boýunça rekord garaşsyz hünärmenler tarapyndan bellige alyndy.
Ýangyjyň ortaça sarp edilişi 100 km üçin 0,55 kg boldy. Rekordy täzelemek üçin sürüji “eko-sürmek” usulyny ulandy. Ulagda dört sürüji gezekleşdi. Olaryň arasynda Energy Observer kompaniýasyny esaslandyryjy we Toyota Mirai-den uýgunlaşdyrylan ykjam wodorod moduly bilen üpjün edilen adybir gäminiň kapitany Wiktorýen Erýussar bardy.
Täze Mirai Toyota-nyň ikinji nesil ýangyç elementli elektromobilidir. Birinji nesil önümi bilen deňeşdirilende, ol has ýokary häsiýetnama we täze hereket dinamikasyna eýe.

TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, wodorod ýangyjynda hereket edýän awtoulaglar üçin geçilen ýol boýunça ozalky dünýä rekordyny Awstraliýada Hyundai Nexo krossoweri bilen sürüji Brendon Riwz goýupdy. Ol bir bak ýangyçda 887,4 km ýoly geçdi.


23.05.2026 08:13
3.4k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:47
5.5k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

18.05.2026 06:21
5.8k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....