Putin bilen Baýdeniň duşuşygy üçin žurnalistlere akkreditasiýa berlip başlady

  • 04.06.2021 17:58
  • 16k+

Şweýsariýa 16-njy iýunda Ženewada geçiriljek Russiýanyň Prezidenti W.Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti J.Baýdeniň duşuşygyna gatnaşjak žurnalistler üçin akkreditasiýa açdy. Bu barada «Belta-nyň» habarlar saýty ýurduň Daşary işler boýunça federal departamentiniň TASS habarlar gullugyna beren maglumatyna salgylanyp ýazýar.

Bu çärä gatnaşmak üçin žurnalistler akkreditasiýa kagyzyny doldurmaly. Ýöne entek metbugat merkeziniň nirede ýerleşjekdigi doly belli däl. Şweýsariýanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda bellenilişi ýaly, bu sammite gatnaşmaga isleg bildirýän žurnalistler Şweýsariýanyň Hökümeti tarapyndan girizilen sanitariýa düzgünlerini berjaý etmeli bolarlar. Hususan-da, olardan koronawirusa garşy sanjym alandygy hakyndaky rugsatnamasyny, test barlagyndan geçendigini ýa-da COVID-19-y geçirendigini tassyklaýan kepilnamasyny görkezmek talap ediler.
Habar berlişi ýaly, rus sanjymlaryndan sanjym alan žurnalistlere akkreditasiýa üçin elýeterlilik berilmez, ýöne olar test barlagyndan geçendigini ýa-da  COVID-19-y geçirendigini tassyklaýan kepilnamasyny görkezip bilerler. Munuň sebäbi bolsa rus sanjymlarynyň entek Şweýsariýada we Derman serişdeleriniň Ýewropa agentliginde resmi taýdan hasaba alynmadykdygy, şeýle hem olaryň gyssagly ulanmak üçin BSGG-niň maslahat berýän derman serişdeleriniň sanawyna girmeýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurduň Hökümeti rus sanjymlaryndan sanjym alynmagyna rugsat bermeýär.


07.01.2026 23:34
19k+

NYP: Baýden ABŞ-nyň öňki Prezidentleriniň arasynda iň ýokary pensiýa hakyny alýar

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jo Baýden ýurduň öňki Prezidentleriniň taryhynda iň ýokary döwlet pensiýa hakyny – ýylda 417 müň dollar alýar. Bu barada The New York Post (NYP) tabloidi habar berýär. Bellenilişi ýaly, bu mukdar onuň Prezident wezipesindäki zähmet hakyndan 17 müň dollar köp we ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obama üçin kesgitlenen pensiýadan tas iki esse köpdür...

05.01.2026 12:16
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi...

22.12.2025 22:51
11k+

Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde  «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy...

22.12.2025 22:24
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde «Döwlet Ermitaž Muzeýine» aýlanyp gördi...