Antoniu Guterriş — BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýeke-täk dalaşgär

  • 03.06.2021 00:02
  • 6.2k+

BMG-niň Baş sekretarynyň saýlawlary şu aýda geçiriler. Saýlawlarda häzirki wagtda ýeke-täk dalaşgär Antoniu Guterriş bolup durýar. Bu barada Estoniýanyň BMG-daky hemişelik wekili Swen Ýurgenson Bütindünýä guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde Estoniýanyň başlyklygynyň iýun aýynda başlamagy bilen baglanyşykly metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Onuň belleýşi ýaly, “BMG üçin iýun aýynda möhüm bir waka bolar – bu täze Baş sekretaryň saýlanmagy”. “Bu biziň başlyklyk edýän döwrümizde bolup geçer” – diýip, Ýurgenson belledi. Ýöne ol senäniň gutarnykly kesgitlenmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Estoniýanyň hemişelik wekili Guterrişiň häzirki wagtda ýeke-täk dalaşgärdigini aýtdy. Onuň pikiriçe, indiki gezek dalaşgärleriň sany köp bolup biler.
Ýanwar aýynyň başynda Guterriş BMG-niň Baş Assambleýasyna we Howpsuzlyk Geňeşine ýazan hatynda özüniň dalaşgärligini BMG-niň Baş sekretary hökmünde ikinji möhlete hödürleýändigini habar berdi. Guterrişiň ygtyýarlyklarynyň birinji möhleti 2021-nji ýylyň ahyrynda tamamlanýar.
Baş sekretar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan saýlanýar we Baş Assambleýa tarapyndan tassyklanýar, onuň ygtyýarlyklarynyň möhleti gaýtadan saýlanmak mümkinçiligi bilen bäş ýyl dowam edýär. Möhletiň sanyna çäklendirme ýok, ýöne häzirki wagta çenli hiç kim bu wezipäni 10 ýyldan köp wagt eýelemedi.
Bellenen tejribä laýyklykda, BMG-niň Baş sekretary ýurtlaryň wekillerinden – Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryndan (ABŞ, Russiýa, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Hytaý) saýlanmaýar.

şu gün 09:02
125

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......