COVID-19-y ýeňmek üçin sanjymlary gyssagly paýlaşmak zerur

  • 02.06.2021 23:34
  • 10k+
COVID-19-y ýeňmek üçin sanjymlary gyssagly paýlaşmak zerur

«Häzir saglygy goraýyş çökgünliginiň düýpgöter soňuna çykman, biz hiç hili giň gerimli dikeldiş işlerini geçirip bilmeris. Şunuň we beýleki meseleleriň çözgüdi diňe sanjymlara elýeterlilikdir» — diýip, dünýäniň iri halkara guramalarynyň dördüsiniň — Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekilen beýannamada aýdylýar. Bu beýannamanyň mazmuny barada BMG-niň resmi internet saýtynda maglumat berildi.

Iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary bu beýannamada dünýä döwletlerini 50 milliard dollarlyk maýa goýumyna barabar bolan täze «Ýol kartasyny» goldamaga çagyrýar. Uly möçberli maliýe goýumy anyklaýyş we bejeriş serişdeleriniň önümçiligini artdyrmaga we olary paýlamaga, kislorod enjamlaryny, lukmançylyk abzallaryny satyn almaga hem-de sanjymlar üçin sarp ediler. Halkara pul gaznasynyň barlaglaryna görä, bu çäreler ösüp barýan ýurtlarda pandemiýanyň öňüni almaga, keselçiligiň we ondan heläk bolýanlaryň derejesini peseltmäge, goşmaça 9 trillion dollary goşmak arkaly 2025-nji ýyla çenli ykdysadyýeti dikeltmäge ýardam eder.
Olar tutanýerlilik bilen ösen döwletleri ösüp barýan ýurtlar bilen artykmaç sanjym dozalaryny paýlaşmaga çagyrýar. Sanjymlaryň BSGG we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan döredilen «COVAX» mehanizmi arkaly paýlaşylmagy bolsa az girdejili ýurtlara olary tölegsiz ýa-da arzanladylan bahada satyn almaga mümkinçilik berer.


10.05.2024 13:28
4.6k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...

07.05.2024 23:18
11k+

BSGG: COVID-19 bilen kesellän hassalaryň 75% -i zerur däl antibiotikler bilen bejerildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlarynyň seljermesi 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 bilen keselläp hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň, takmynan, 75% -iniň zerur däl antibiotikleri...

20.10.2023 10:33
12k+

Ýaponiýada COVID-19-dan goranmak üçin bäş sekunt düzgüni oýlanyp tapyldy

Sukuba uniwersitetinden we Halkara Ýuwaş umman uniwersitetinden ýaponiýaly hünärmenleriň topary gözleg geçirip, howa-damja ýoly arkaly geçýän dürli keseller bilen kesellemegiň iň ýokary derejesiniň keseliň çeşmesi...

27.08.2023 12:54
18k+

BMGÖM Türkmenistana barlaghana reaktiwleriniň nobatdaky tapgyryny getirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreş” maksatnamasynyň çäklerinde nobatdaky lukmançylyk serişdelerini ugratdy. Bu...