Nikkei: Toyota bilen Honda Malaýziýada awtomobil önümçiligini togtatdylar

  • 02.06.2021 22:26
  • 15k+

Ýaponiýanyň Toyota we Honda awtokonsernleri Malaýziýada koronawirus çäklendirmeleriniň güýje girmegi sebäpli, täze awtomobilleriň önümçiligini we satuwyny togtatmak kararyna geldiler. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Toyota-nyň Malaýziýada Selangor ştatynda iki zawody bar. Honda-nyň hem ýurtda motosikl we awtomobil öndürýän iki kärhanasy bar. Malaýziýanyň häkimiýetleriniň talaplary sebäpli, awtokonsernler iş orunlarynda işgärleriň 10%-ine golaýyny goýmaly boldular, netijede zawodlaryň adaty tertipde işlemegi mümkin bolmady.
Soňky ýylyň içinde iň agyr sosial-ykdysady çäklendirmeler Malaýziýada koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň birden ýokarlanmagy sebäpli sişenbe güni güýje girdi. Premýer-ministr Muhiddin Ýassin tarapyndan yglan edilen berk çäreler ýurduň ähli ýerinde 14-nji iýuna çenli hereket eder, şondan soň ýagdaý gowulaşsa, olaryň kem-kemden ýatyrylmagyna garaşylýar.
Maý aýynda Malaýziýada kesellänleriň sany birden köpelip başlady. Geçen hepde nobatdaky antirekord goýuldy – bir günde 9 müňden gowrak keselli. Hünärmenler muny wirusyň hindi ştamynyň ýurda ýaýramagy we koronawirus üçin barlaglaryň ýeterlik däldigi bilen düşündirýärler.


şu gün 14:04
922

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.2k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.3k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......