W.Putin «Aurus» awtoulaglarynyň önümçiligine badalga berdi

  • 02.06.2021 21:54
  • 12k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Tatarystan Respublikasynda Russiýanyň «Aurus» awtoulaglarynyň tapgyrlaýyn önümçiligine badalga berdi. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

"Aurusyň" köpçülikleýin önümçiligine dabaraly ýagdaýda badalga berlen pursatynda Prezident Wladimir Putin bu awtoulaglaryň tapgyrlaýyn öndürilmeginiň Russiýanyň öndürýän awtoulaglarynyň halkara bazara gatnaşygyny berkitjekdigini aýtdy.
"Aurus" awtoulaglarynyň yzygiderli öndürilmegi rus awtoulaglarynyň halkara bazara bolan gatnaşygyny güýçlendirer we ýokary tehnologiýaly önümleriň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik döreder diýip umyt edýäris" diýip, Putin belledi.

Mundan başga-da, Russiýanyň Prezidenti Tatarystanda awtoulag öndürilýän ýeriň işe girizilmeginiň bütin sebitiň ösüşine goşmaça itergi berjekdigini aýtdy.

"Bilýäňizmi näme, men şeýle awtoulaglary sürýärin we özüm kän gezek ruluň başynda oturyp gördüm. Bu - dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli awtoulag" diýip, Putin nygtady.

düýn 20:53
1.7k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

düýn 17:35
2.5k+

Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi....

düýn 12:41
2.2k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 10:57
2.6k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......