2021-nji ýylyň iň kuwwatly batareýaly 3 smartfony

  • 01.06.2021 20:58
  • 18k+

Adatça, smartfonyň batareýasy näçe uly bolsa, ol bir gezek zarýad berlenden soň uzak wagtlap işleýär. Şoňa görä-de, täze telefon saýlananda, onuň batareýasynyň kuwwatyna üns bermek zerur. Entek ýylyň ahyry däldigine garamazdan, köp sanly önüm öndürijiler güýçli akkumultaýorlary bilen tapawutlanýan täze smartfonlaryny hödürleýärler. Muny hi-tech.mail.ru habar berýär.

Asus ROG Phone 5
Bu önüm ýylyň iň kuwwatly smartfonlarynyň iň gowusy hasaplanýar. 65 watlyk HyperCharge tiz zarýad berýän ulgam bary-ýogy 50 minutda zarýady 100 göterime çenli doldurýar. Ol ortaça iki güne ýetýär.

Samsung Galaxy F62
Bu görnüş hem kuwwatly akkumulýatorly smartfonlaryň arasynda öňe saýlanýar. Batareýasynyň örän uludygy sebäpli, ony doldurmak üçin 2 sagat gerek bolýar.

Lenovo Legion 2 Pro
Bu oýun telefonynyň 6,9 dýuýmlyk AMOLED ekrany we 8 ýadroly prosessory bolup, onuň zarýady ýarym güne çenli saklanýar. 90 watlyk zarýad beriji enjamy batareýanyň energiýasynyň ýarysyny 12 minutda doldurýar.

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......