Aşgabatda soňky 130 ýylda maý aýynda iň yssy gün hasaba alyndy

  • 31.05.2021 15:19
  • 36k+

30-njy maýda Aşgabatda howanyň iň ýokary derejesi +45,6 gradusa ýetdi. Bu görkeziji şäherde soňky 130 ýylda meteogözegçiligiň taryhynda maýda hasaba alnan iň ýokary çäkdir diýip, Meteožurnal saýty habar berýär.

Temperaturanyň mundan öňki rekordy 70 ýyl öň — 1951-nji ýylyň 24-nji maýynda hasaba alnypdy. Şol wagt türkmen paýtagtynda +44,8 gradus bolupdy. Ol häzirki görkezijiden 1,1 gradus aşakdyr.
TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, Türkmenistanda şu hepde hem howanyň aşa yssy bolmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Günüň göni şöhlelerinden gaça durmagy, köpräk suwuklyk içmegi we günortanlar — temperatura aňryçägine baran wagty — zerurlyk bolmasa, daşary çykmazlygy maslahat berýäris. Aýratyn hem bu maslahatlar kiçi ýaşly çagalara, garrylara, şeýle hem ýürek-damar ulgamynda kemçilik bolan adamlara degişlidir.


02.08.2025 17:26
10k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy...

20.02.2025 12:46
21k+

Aşgabadyň asmanynda seýrek we syrly hadysa göründi – galo

20-nji fewralda irden Aşgabadyň ýaşaýjylary paýtagtymyzyň asmanynda fantastiki filmlerdäki “başga bir äleme açylýan portaly” ýada salýan syrly hadysa syn etdiler. Bu atmosfera hadysasy ylymda “galo” hökmünde bellidir...

08.07.2021 18:46
27k+

Aşgabatda iýul aýy boýunça howanyň gyzgynlyk rekordy täzelendi

6-njy iýulda Aşgabatda howanyň derejesi paýtagtymyz boýunça howa meteogözegçilikleriň taryhynda iň ýokary rekord derejesine ýetdi. Howanyň derejesi şäherde +46,8 gradusa ýetdi. Mundan öň, iýul aýy boýunça rekord...

şu gün 07:22
2k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...