В небе над Ашхабадом заметили редкое и загадочное явление – гало

  • 20.02.2025 12:46
  • 21k+

20-nji fewralda irden Aşgabadyň ýaşaýjylary paýtagtymyzyň asmanynda fantastiki filmlerdäki “başga bir äleme açylýan portaly” ýada salýan syrly hadysa syn etdiler. Bu atmosfera hadysasy ylymda “galo” hökmünde bellidir. TmCars bu ajaýyp hadysany surata düşürip, onuň tebigatyny düşündirmäge çalyşdy.

“Galo” sözi grek dilindäki “galos” sözünden gelip çykyp, terjime edilende “tegelek” diýen manyny berýär. Bu hadysa döwründe Günüň (käwagt Aýyň) töwereginde tegelek, halka, duga, yşyk sütüni ýa-da “almaz tozgasy” şekilinde şöhlelenme peýda bolýar.
Hadysanyň emele gelmegine getirýän tegelekler bir-iki hatar bolup Güni gurşap alýar.
Galo troposferanyň ýokarky gatlaklarynda (5-10 km belentlikde) gaýýan buz mikrokristallarynda Günüň şöhleleri öz ugruny üýtgeden (döwlen) ýagdaýynda ýüze çykýar. Ýagtylyk gyraňlardan şöhlelenýär we spektre ýaýraýar, netijede ýagtylyk halkasy emele gelýär. Bu hadysa, köplenç, çyglylyk derejesi ýokary bolan aýazly howada görünýär.


Köplenç, hadysa ýyly howa akymy gelmezden öň açyk howada-da ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda, adatça, galony döredýän buz kristallaryndan ýelekpisint-gatlakly ýarym dury bulutlar emele gelýär. Biziň ýagdaýymyzda-da şeýle bolup geçdi.
Tebigaty taýdan galo älemgoşara meňzeş, ýöne olaryň arasynda birnäçe tapawut bar. Älemgoşar şöhläniň suw damjalarynda döwülmegi sebäpli peýda bolýar. Galony döredýän buz kristallary bolsa çylşyrymly formalarynyň we tertipsiz hereketiniň netijesinde islendik tarapa gönükdirilip bilner.


Şeýle-de, biz galony Güne tarap seredenimizde, älemgoşary bolsa oňa arkan duranymyzda görýäris. Bu suw damjalarynda şöhläniň döwülmegi we olaryň içki diwarlaryndan şöhlelenmegi sebäpli bolup geçýär, netijede ol tas 140 gradus öwrülýär.
Hadysa Günden uzaklygy we reňki boýunça-da tapawutlanýar – galo ak we älemgoşar öwüşginli bolýar – Aşgabatda onuň ikinji görnüşine syn edildi.


05.01.2026 11:44
9k+

МИД Туркменистана выразил соболезнования Швейцарии в связи с трагедией в Кран-Монтане

Министерство иностранных дел Туркменистана выразило соболезнования швейцарской стороне в связи с трагическим пожаром на горнолыжном курорте Кран-Монтана, который привёл к гибели и тяжёлым травмам большого числа людей...

03.12.2025 10:07
11k+

Сердар Бердымухамедов направил Шри-Ланке соболезнования в связи со стихийным бедствием

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов направил глубокие соболезнования президенту Демократической Социалистической Республики Шри-Ланка Ануру Кумару Диссанаяке в связи с наводнениями, вызванными сильными ливнями...

02.12.2025 11:39
13k+

Туркменистан выразил поддержку Таиланду после разрушительных наводнений

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов направил королю Таиланда Махе Вачиралонгкорну глубокие соболезнования в связи с сильными наводнениями, вызванными проливными дождями. Стихия привела к многочисленным человеческим жертвам, ранениям и серьёзным разрушениям...

06.09.2025 10:07
15k+

Сердар Бердымухамедов направил соболезнования в связи с аварией фуникулёра в Лиссабоне

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов направил соболезнования президенту Португалии Марселу Ребело де Соузе в связи с трагическим происшествием в Лиссабоне, которое привело к многочисленным жертвам и раненым...