Sowet döwrüniň seýrek limuzini 57 million rubla satlyga çykaryldy

  • 29.05.2021 22:08
  • 13k+

Auto.ru portalynda 1948-nji ýylda öndürilen seýrek ZIS-110 limuzininiň satylýandygy hakynda mahabat peýda boldy. Sowet döwrüniň awtoulagy 57 million rubl diýlip bahalandyrylýar.

Ulanyş möhletine garamazdan, limuzin bary-ýogy 10 müň kilometr ýol geçipdir. Awtoulag - gowy ýagdaýda. Onuň eýesi ZIS-110-yň juda seýrekdigini we onuň ýekeje eýesiniň bolandygyny aýtdy. Häzirki wagtda awtoulag Moskwada ýerleşýär.
Awtoulagyň kapotynyň aşagynda kuwwaty 140 at güýji bolan 8 silindrli 6.0 litrlik benzin hereketlendirijisi bar. Bular bilen bilelikde, awtoulagda 3 tizlikli mehaniki transmissiýa hem bar.
Bu model uruşdan öňki döwürde işlenip düzüldi we 1945-nji ýylda söweş gutarandan soň derrew satylyp başlandy. Modeliň önümçiligi 1958-nji ýylda togtadyldy we şol wagta çenli ZIS-110-yň ähli wersiýalarynyň 2 müň 89 nusgasy çykaryldy.

düýn 18:16
2.8k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

düýn 15:49
2.3k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk bardygy sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

düýn 00:37
6.3k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 19:03
6.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......