«Awazada» awtoulaglaryň gatnawlaryna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy

  • 29.05.2021 15:04
  • 16k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly, tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda Dolandyryş merkeziniň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň hasabat bermegine görä, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, awtoulaglaryň gatnawlaryna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy. Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerde gije-gündiziň dowamynda hereket edýän barlag-gözegçilik nokady döredildi. Onuň işine Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri çekildi.
Şeýle hem möwsüm döwründe jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şu maksatlar üçin degişli tehnikalaryň, hususan-da, wideogözegçilik ulgamlarynyň netijeli ulanylmagy babatda çäreler görüldi. Suwda halas edijileriň gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýuldy. Guramaçylyk meselelerini öz wagtynda çözmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.
Dolandyryş merkeziniň paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimliklerinde döredilen şahamçalarynda nobatçylyk guralyp, ýüz tutýan raýatlara degişli maslahatlar berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänler üçin wagyz-ündew çäreleri geçirildi.


09.08.2025 15:32
5.7k+

Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti boldy

8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy...

02.08.2025 19:02
12k+

Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler

5-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler. "Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, şu günler bu festiwala gatnaşjak aşpezler dost-doganlyk ýurtlardan Awaza gelip başladylar...

24.07.2025 19:16
17k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin "Awaza" goşmaça howa gatnawlaryny ýola goýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 17–26-njy awgusty aralygynda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň çagalaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezlerine äkidip-getirmek maksady bilen, goşmaça howa gatnawlary amala aşyrar...

14.07.2025 11:52
9.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi

13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi...