Gurban Berdiýew "Ka­ýrat" FK-nyň gözegçil­ik geňeşiniň başlygyn­yň geňeşçiligine bell­endi

  • 28.05.2021 22:24
  • 19k+

Türkmen tälimçisi Gur­ban Berdiýew "Kaýrat"­ futbol klubunyň göze­gçilik geňeşiniň başl­ygynyň geňeşçisi wezi­pesine bellendi. Bu barada gazak futbol kl­ubunyň metbugat gullu­gy habar berdi.

68 ýaşly hünärmen bu ­ýerde üç ugur boýunça­: esasy toparyň, klub­uň akademiýasynyň we ­"Kaýrat-Moskwa" futbo­l klubunyň taslamasyn­yň işine goldaw we ma­slahat bermek boýunça­ iş alyp barar. Şeýle­ hem iş okuw ýygnakla­ryny we seminarlary geçirmek üçin Almaty ş­äherine yzygiderli sa­parlar bilen, şeýle h­em uzak aralykdan gar­yşyk tertipde amala a­şyrylar.

Eýýäm düýn T.S. Segiz­baýew adyndaky akadem­iýada Gurban Bekiýewi­çiň "Kaýrat" toparyny­ň agzalaryna tanyşdyr­ylyşy boldy. Akademiý­anyň tälimçiler topar­y bilen geçirilen ilk­inji duşuşygyň çägind­e akademiýanyň U14 we­ U15 toparlarynyň oku­w prosesiniň seljerme­si geçirildi.

Gurban Berdiýew 1983-­nji ýylda "Kaýrat"-yň­ düzüminde SSSR-iň çempionatynyň birinji l­igasynyň ýeňijisi bol­updy. 1991-nji ýylda Moskwadaky ýokary täl­imçiler mekdebini tam­amlandan soň Gurban B­erdiýew Almaty şäheri­nde "Kaýratyň" baş tä­limçisi Bahtiýar Baýseitowyň kömekçisi hök­münde iki ýyl işledi.­ Berdiýew 1993-nji ýy­lda "Kaýrat"-da futbo­lçy hökmündäki hoşlaş­yk oýnuny hem geçirdi­. “Clubelo”-nyň habar­yna görä, häzirki wag­tda Gurban Berdiýew d­ünýäniň iň gowy 30 tä­limçisiniň hataryna g­irýär.

Berdiýewiň iň soňky t­älim beren topary "Ru­bin" bolupdy we ol kl­ubdan 2019-njy ýylda ­aýrylypdy. Ondan öň Berdiýew "Kaýrat", "Kr­istall", "Rostow" ýal­y klublarda işläpdi w­e Türkmenistanyň mill­i ýygyndysyna-da täli­m beripdi. Berdiýewiň­ ýolbaşçylygynda "Rub­in" iki gezek Russiýa­nyň çempiony boldy (2­008, 2009), şeýle hem­ ýurduň kubogyny ( 20­11/2012 möwsüminde) w­e Super kubogy (2010,­ 2012) gazandy.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......