BMG-niň meteorologlary rekord derejede yssy ýyly çakladylar

  • 28.05.2021 16:45
  • 27k+
BMG-niň meteorologlary rekord derejede yssy ýyly çakladylar

BMG-niň meteorologlary geljek bäş ýylda alnyp barylýan gözegçiligiň taryhynda rekord derejede yssy ýylyň boljakdygyny çaklaýarlar. Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda 2016-njy ýyldaky görkezijiler birinji ýerde durýar. Bu barada rg.ru habar berýär.

Geçirilen barlag işiniň netijesine görä, “2021-2025-nji ýyllar aralygynda iň bolmanda bir ýylyň gözegçiligiň tutuş taryhyndaky iň yssy ýyl bolmagynyň 90 göterim ähtimallygy bar” – diýlip, BMG-niň saýtynda bellenilýär.
Gözleg işi Beýik Britaniýanyň meteorologlary tarapyndan geçirildi. Olar bäş ýylyň (2021-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygy) hersinde gury ýeriň we deňziň üstünde ortaça temperaturanyň industrialdan öňki döwrüň temperatura derejesinden Selsiý boýunça azyndan bir gradus ýokary boljakdygy, bu bäş ýylyň birinde bolsa “40 göterim ähtimallygy” bilen temperaturanyň industrialdan öňki derejeden 1,5 gradus ýokary bolup biljekdigi baradaky netijä geldiler.
Mundan başga-da, hünärmenler ýokary giňişligi bolan ýerlerde has çygly howanyň boljakdygyny hem-de Atlantikada siklon işjeňliginiň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.
Ýatlap geçsek, howa we klimata edilen gözegçiligiň taryhynda iň yssy üç ýylyň biri bolan 2020-nji ýylda ortaça temperatura industrialdan öňki döwrüň esasy derejesinden 1,2 gradus ýokary boldy.


10.06.2024 15:44
16k+

Bütindünýä meteorologiýa guramasy: geljek bäş ýylyň biri taryhda iň yssy ýyl bolar

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň çaklamasyna görä, geljek bäş ýylyň biri howa gözegçilikleriň taryhynda iň yssy ýyl bolar. BMG-nyň ýöriteleşen edarasynyň hasabatynda ýakyn ýyllarda dünýäde ortaça temperaturanyň...

06.06.2024 15:15
11k+

BMG: Maýlama getirýän El-Ninýo tebigy hadysasy şu ýyl sowuk howa bilen çalşar

Şu ýyl howanyň ýylamagy bilen häsiýetlendirilýän El-Ninýo döwri tamamlanar. Onuň deregine planetanyň käbir sebitlerine, aýratynam, tropiklerde, tersine, sowuk howa getirjek La-Ninýa hadysasynyň gelmek ähtimallygy...

07.09.2023 20:02
7.4k+

BMG 2023-nji ýylyň tomsuny howa gözegçilikleriň taryhynda iň yssysy diýip atlandyrdy

BMG-niň Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň habaryna görä, Ýer togalagy 2023-nji ýylyň tomsunda iň yssy üç aýy başdan geçirdi. "Planetamyz ýap-ýaňyja gaýnama möwsümini – howa gözegçilikleriň bütin taryhynda iň...

29.07.2023 11:32
26k+

Iýul aýy heniz tamamlanmanka adamzat taryhynda iň yssy aý boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, iýul aýynyň ilkinji üç hepdesi rekord derejedäki iň yssy üç hepde boldy. “Biz aýyň ahyrlaryna garaşyp oturmaly däl <...>. 2023-nji...