BMG: Maýlama getirýän El-Ninýo tebigy hadysasy şu ýyl sowuk howa bilen çalşar

  • 06.06.2024 15:15
  • 11k+

Şu ýyl howanyň ýylamagy bilen häsiýetlendirilýän El-Ninýo döwri tamamlanar. Onuň deregine planetanyň käbir sebitlerine, aýratynam, tropiklerde, tersine, sowuk howa getirjek La-Ninýa hadysasynyň gelmek ähtimallygy ýokary. Bu barada BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy habar berýär.

Guramanyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň iýun-awgust aýlarynda bitarap şertleriň ýa-da La-Ninýanyň gelmek ähtimallygynyň 50% boljakdygyny çaklaýarlar. Iýul-sentýabr aýlarynda bu ähtimallyk 60%-e, awgust-noýabr aýlarynda – 70%-e çenli ýokarlanar.
La-Ninýa Ýuwaş ummanyň merkezi we gündogar ekwatorial böleginde ummanyň üstüniň temperaturasynyň uly möçberli peselmegi bolup, tropiklerde atmosfera aýlanyşygynyň üýtgemegi bilen utgaşýar. Her bir La-Ninýa hadysasynyň netijesi onuň intensiwligine, dowamlylygyna, pasyllara we beýleki klimat režimleri bilen täsirine baglylykda tapawutlanýar.
Gurama hadysalaryň ikisiniň-de, El-Ninýonyň we La-Ninýanyň global ýylama, adatdan daşary howa şertleriniň ýygylaşmagyna we möwsümleýin ygallaryň hem temperatura režimleriniň üýtgemegine sebäp bolýan klimatyň antropogen üýtgemesi şertlerinde ýüze çykýandygyny belleýär.

“El-Ninýonyň tamamlanmagy uzak möhletli howa üýtgemelerinde pauzany aňlatmaýar. Biziň planetamyz bug gazlary sebäpli gyzmagy dowam etdirer. Deňiz üstüniň adatdan daşary ýokary temperaturalary geljek aýlarda möhüm rol oýnar, howa bolsa atmosferadaky goşmaça ýylylyk we çyglylyk sebäpli has ekstremal bolar” – diýip, guramanyň Baş sekretarynyň orunbasary Ko Barrett belledi.

Belläp geçsek, La-Ninýanyň 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygyndaky sowuk täsirine garamazdan, soňky dokuz ýyl gözegçiligiň tutuş taryhynda iň ýyly döwür boldy. Häzirki El-Ninýo hadysasynyň iň ýokary derejesi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda boldy we bu tebigy hadysa meteorologiýa gözegçilikleriniň taryhynda iň güýçli bäşisiniň biri boldy.


şu gün 00:07
3.7k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

25.06.2026 19:11
5.9k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.7k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

18.06.2026 09:51
3k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......