BSGG: sentýabr aýyna çenli dünýä ilatynyň 10%-ine sanjym edilmeli

  • 27.05.2021 13:23
  • 6.5k+

Ženewada “Ahyry pandemiýanyň öňüni almak we geljekde olaryň öňüni almak” şygary bilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 74-nji sessiýasy açyldy. Täze görnüşli koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigi sebäpli, bu mejlisde pandemiýa garşy göreşde tutuş dünýäniň we BSGG-niň tejribeleri we sapaklary, pandemiýany gysga wagtda ýok etmegiň we has sagdyn, howpsuz we adalatly dünýäni gurmagyň zerurlygy, şeýle-de indiki pandemiýalara taýýarlygy üpjün etmeklik ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ru.euronews.com habar berýär.

BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus sanjym işini çaltlaşdyrmagy teklip edýär:

“Men ähli ýurtlary sanjym işiniň depginini çaltlaşdyrmaga çagyrýaryn. Ýagny, sentýabr aýyna çenli dünýä ilatynyň azyndan 10 göterimine, dekabr aýynyň ahyryna çenli bolsa 30 göterimine sanjym edilmeli. Bu bize adaty durmuşa dolanmaga, ykdysadyýeti dikeltmäge we işewürligi halas etmäge mümkinçilik berer”.

Tedros Gebreýesusyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda 125 ýurt we sebit, esasan, COVAX programmasy arkaly 72 milliondan gowrak sanjym dozasyny aldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň häzirki sessiýasy 24-nji maýdan 1-nji iýun aralygynda wirtual görnüşde geçýär. Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň birinji iş gününde BSGG Şweýsariýa bilen şertnama baglaşdy. Bern kantonyndaky Şpis şäherinde koronawirus ýaly pandemiýalara sebäp bolup biljek patogenleri saklamak üçin barlaghana dörediler. 2022-nji ýyldan BioHub – ýokarlandyrylan howpsuzlyk çäreleri bolan barlaghana – tutuş dünýädäki hyzmatdaşlary bilen maglumatlary alyş-çalyş edip başlar.


23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...