Germaniýanyň Kýoln şäherindäki Ykdysadyýet institutynyň (IW) alymlary koronawirus pandemiýasy döwründe Germaniýanyň ykdysadyýetine ýeten zyýanyň mukdaryny hasapladylar diýip, “Die Welt” neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Hünärmenleriň derňew işlerine görä, nemes ykdysadyýeti pandemiýa sebäpli 300 mlrd ýewro ýitirdi.
Institutyň ýolbaşçysy Mihael Hýuteriň bellemegine görä, ýurduň ykdysady deňagramlylygynyň umumy dikeliş prosesi birnäçe ýyl dowam eder.
Derňew işinde institutyň hünärmenleri çak edilýän ösüşi hakyky ösüş bilen deňeşdirdiler we kowid çökgünligi bolmadyk ýagdaýynda, nemes ykdysadyýetiniň ýokary derejede ösüp biljekdigi baradaky netijä geldiler.
- Raýatlaryň sanjym derejesi ýokarlanmagyny dowam etdirýär, bu ykdysadyýet üçin ähmiýetli signal. Ýöne biz çökgünlik indi hiç hili yz galdyrmaz diýen pikirde bolmaly däldiris. COVID-19 bolmadyk bolsa, ýurduň ykdysadyýeti ep-esli öserdi – diýip, Hýuter belleýär.
Hünärmenler 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginden 2021-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli Germaniýanyň 140 mlrd ýewro ýitirendigini belleýärler. Bu mukdaryň tas üçden bir bölegi ýurtda COVID-19 pandemiýasynyň ikinji tolkunynyň netijesinde izolýasiýanyň gaýtadan dikeldilmegi sebäpli ýüze çykan ýitgidir.