Günorta Koreýa kowide garşy galan çäklendirmeleri ýatyrar

  • 12.05.2023 17:23
  • 5.4k+

Koreýa Respublikasy iýun aýyndan başlap koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly galan ähli çäklendirmeleri diýen ýaly, şol sanda ýokuşan halatynda hökmany izolýasiýa edilmegini ýatyrar. Bu barada penşenbe güni Yonhap gullugy ýurduň prezidenti Ýun Sok Ýola salgylanyp habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Prezident koronawirus howpunyň kategoriýasynyň indiki aýyň başyndan "howply" derejeden "howatyrlandyryjy" derejä çenli peseljekdigini aýtdy. Yonhap-yň ýazmagyna görä, COVID-19 hakykatdanam endemik kesel diýlip yglan edildi. Hökmany ýedi günlük izolýasiýa ýatyrylar, munuň ýerine koronawirus bilen kesellän hassalara diňe bäş günlük karantin maslahat berler.
Prezident: "Näsaglar ýerleşdirilen palataly hassahanalardan başga ähli ýerlerde örtük ​​geýmek baradaky talaby aýyrmak kararyna gelindi" - diýdi. Koreýa Respublikasy 30-njy ýanwardan başlap ýapyk binalaryň aglabasynda, 20-nji martdan başlap bolsa ulaglarda hökmany örtük ​​geýmegi ýatyrdy, şondan soň örtük geýmek düzgüni diňe dermanhanalarda we hassahanalarda saklanyp galdy.
Günorta Koreýanyň lideri öz raýatlarynyň koronawirus ýaýranyndan bäri “üç ýyl dört aýdan geçensoň adaty durmuşa dolanyp biljekdigine” begenýändigini aýtdy.


18.04.2026 15:10
3.4k+

Hyundai dünýäde ilkinji bolup ammiak bilen işleýän gämini gurdy

Günorta Koreýanyň HD Hyundai Heavy Industries kompaniýasy doly ammiak ýangyjy bilen işleýän dünýädäki ilkinji gämini hödürledi. Bu taslama deňiz arkaly ýük daşamalarynda ekologiýa zyýan bermeýän täze döwrüň......

16.04.2026 14:51
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi....

11.04.2026 23:44
3.2k+

Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri ylalaşyldy

Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde 10-njy aprelde Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna......

10.04.2026 16:43
2.8k+

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy raýatlaryň özara syýahatlaryny ýönekeýleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň......