Hytaý daşyndan gelýänler üçin Covid-19 boýunça deslapky barlagy ýatyrdy

  • 29.08.2023 15:16
  • 6.6k+

Bu karar 2023-nji ýylyň 30-njy awgustyndan güýje girer.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wan Wenbin Hytaýyň indi daşary ýurtlulardan antigene we ýokanjyň nuklein kislotalarynyň (PZR) barlygyna negatiw netijäni talap etmejekdigini aýtdy.
Ýerli düzgünleşdirijileriň howa menzillerinde saýlama PZR barlaglaryny geçirmegini dowam etdirjegi-etmejegi entek belli däl diýip, Tourdom syýahatçylyk platformasy belleýär.
Hytaý 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Covid-19 üçin "nol çydamlylyk" syýasatyny alyp barypdy, ýöne köpçülikleýin nägileliklerden soň çäklendirmeleri ýeňilleşdirip başlady.
Mysal üçin, 2023-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndan başlap ýurda girýänler diňe gelmezden 48 sagat öň tizbarlagdan geçmeli we saglyk sowalnamasynyň netijesini görkezmeli edildi. Ondan öň gelenlerinde barlanmalydylar we ýörite bellenen myhmanhanalarda karantini berjaý etmeli bolupdylar.
15-nji martda Hytaý daşary ýurtlulara wiza bermäge başlady.


şu gün 12:54
2.7k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....