ABŞ-nyň häkimiýetleri 12-nji maýdan daşary ýurtlular üçin kowide garşy hökmany sanjymy ýatyrýarlar

  • 03.05.2023 10:35
  • 14k+

Amerikan häkimiýetleri 12-nji maýdan ABŞ-a gelýän daşary ýurtlular, şeýle-de federal işgärler we potratçylar üçin COVID-19-a garşy hökmany sanjym talabyny ýatyrýarlar. Bu barada Ak öýüň beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär. 

"Şu gün biz administrasiýanyň 11-nji maý gününiň ahyrynda federal işgärler, federal potratçylar we halkara awiaýolagçylary üçin COVID-19-a garşy sanjym talaplaryny ýatyrjakdygyny mälim edýäris. Şol gün jemgyýetçilik saglygy goraýyş pudagynda COVID-19 bilen bagly adatdan daşary ýagdaý tamamlanar" - diýlip, resminamada aýdylýar.

Mundan başga-da, Saglygy goraýyş we sosial hyzmatlar ministrligi hem-de ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministrligi mekdebe çenli bilim pedagoglaryndan, garrylar we mätäçler üçin Medicare we Medicaid lukmançylyk kömeginiň maksatnamalary boýunça işleýän lukmançylyk edaralarynyň işgärlerinden sanjym talaplaryny aýyrmak prosesini işe girizer. Hökmany sanjym "gury ýer serhetinden geçilende ABŞ-dan bolmadyk käbir raýatlardan" hem talap edilmez.

"Ýakyn günlerde bu talaplary ýatyrmak bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar hödürlener" - diýip, Ak öý belleýär.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri 2021-nji ýylyň noýabryndan ýurda girýän daşary ýurtlular üçin koronawirusa garşy doly sanjym alnandygy barada kepilnama talap edip başladylar. Bu düzgünlere laýyklykda, diňe ABŞ-nyň lukmançylyk düzgünleşdirijisi ýa-da Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan tassyklanan serişdeler bilen sanjym edilendigi baradaky kepilnamalar kabul edilýär.


19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......