Messi Ispaniýanyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy

  • 24.05.2021 21:57
  • 8.1k+

“Barselonanyň” kapitany we hüjümçisi Lionel Messi 2020/21-möwsüminiň Ispaniýa çempionatynda iň gowy bombardir boldy diýip, www.rusfootball.info habar berýär. 33 ýaşly argentinaly oýunçy La Liganyň geçen ýaryşynda 35 oýunda 30 pökgini tora girizdi. Belläp geçsek, Messi yzygider bäşinji gezek Ispaniýa çempionatynda iň gowy bombardir bolýar.

Bu görkeziji boýunça ikinji orny Madridiň “Realynyň” oýunçysy Karim Benzema we “Wilýarrealyň” hüjümçisi Žerar Moreno eýeledi. Olaryň hasabynda 23 gol bar. Bombardirleriň sanawynda üçünji orun “Atletikonyň” oýunçysy Luis Suaresa degişli boldy. Onuň hasabynda 21 gol bar.
“Seltanyň” hüjümçisi Ýago Aspas 13 netijeli geçirimi bilen möwsümiň ahyrynda iň gowy assistent boldy. Ikinji orny Messi bilen “Atletikodan” Markos Lorente paýlaşdy – olaryň hersinde 11 geçirim bar.
Üçünji orny Ýannik-Ferreýra Karrasko (“Atletiko”), Toni Kroos (“Real”) we Horhe de Frutos (“Lewante”) eýeledi – 10 geçirim.

düýn 14:53
8k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
9.1k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
9k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....