BSGG hepdede näçe sagatdan artyk işlemegiň howpludygyny anyklady

  • 19.05.2021 13:10
  • 16k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri yzygiderli artyk işlemegiň howpludygy barada duýdurýarlar. Iş wagtyndan daşary edilen işiň zyýany barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) we Halkara zähmet guramasy (HZG) tarapyndan hödürlenen hasabatda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Hasabatda howply çägiň hepdede 55 iş sagadydygy bellenilýär. Şondan soň işçide saglygy bilen bagly näsazlyklar ýüze çykyp biler.

“Geçirilen barlaglara laýyklykda, hepdede 55 sagat ýa-da ondan hem köp işlemek 35-40 sagat iş hepdesi bilen deňeşdirilende, insult howpunyň 35% we ýüregiň işemiýa keselinden ýogalmak howpunyň 17% ýokarlanmagy bilen baglanyşýar” – diýlip, BSGG-niň hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda 2016-njy ýylda 398 müň adamyň insultdan we 347 müň adamyň ýürek keselinden ýogalandygy bellenilýär. Bu ölümleri gurama artyk işlemek bilen baglanyşdyrýar.
Hünärmenler artyk işlemegiň, esasan, erkek adamlaryň saglygyna güýçli täsir edýändigini belleýärler, çünki ähli ölümleriň 72%-i olaryň paýyna düşýär. Şol bir wagtyň özünde, köp işleýän adamlaryň sany köpelýär we häzirki wagtda dünýä ilatynyň 9%-ni emele getirýär.

“Hiç bir iş özüňi insult ýa-da ýürek keseli howpuna itereniňe degmeýär” – diýip, BSGG-niň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus belleýär.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......