Motor ýagynyň aşa köp sarp edilmegine getirýän ýalňyşlyklar

  • 18.05.2021 20:56
  • 19k+

Könelendigi görnüp duran hereketlendiriji köp ýag içegen bolýar, ýöne bu ýagdaý kähalatlarda hatda täze hereketlendirijilerde-de ýüze çykyp bilýär. Munuň sebäpleri hakynda car.ru gürrüň berýär.

Täze hereketlendirijiler öndüriji tarapyndan ozaldan kesgitlenen möçberde hereket edýärler we şoňa görä-de motor ýagyny sarp edýärler. Turbinanyň barlygyna, ýangyjyň görnüşine we işleýiş şertlerine baglylykda, ýakylan 100 litr ýangyja 5-100 gram ýag sarp edilýär diýip bolar.
Mundan başga-da, hereketlendiriji sürüjiniň nädogry hereketleri sebäpli hem köp ýag talap edip biler. Mysal üçin, nädogry ýa-da galp ýangyç ulanylsa. Gereginden artyk ýangyç guýmak hem artykmaç ýagyň sarp edilmegine sebäp bolup biler.
Artykmaç ýük basmak, ýokary tizlikde sürmek, tirkeg çekmek, güýçli agram, ýolsuz şertler we ýaramaz howa - bularyň bary ýagyň sarp edilişine ýaramaz täsir edýär. Ýagyň artykmaç sarp edilmegi bilen porşenler könelip biler, karter şemalladyş ulgamynyň döwülmegi ýa-da çalgy ýagynyň syzmagy mümkin.
Eger-de awtoulag ýag syzdyrmaýan bolsa, käbir tilsimler onuň sarp edilişini azaltmaga kömek eder. Mysal üçin, goýy ýag guýup bolar, ýöne gaty arzan ýa-da öte näbelet önümiňi ulanmaly däl diýip, car.ru belleýär.

şu gün 00:37
742

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

düýn 19:03
3.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

düýn 17:27
1.6k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

düýn 14:32
1.9k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....