Türkmenistan Tatarystan bilen özara söwda dolanyşygyny artdyrar

  • 18.05.2021 13:43
  • 11k+

2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 107 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Tatarystan, esasan, gury ýer ulaglary, rezin we tehniki enjamlary eksport etdi. Türkmenistan Tatarystan Respublikasyna esasan plastmassa we plastmassa önümlerini hem-de gök önümlerini eksport etdi. Bu barada Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada amala aşyran iş saparynyň çäginde türkmen tarapy bilen geçirilen gepleşiklerde aýdyldy. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagy ylalaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “KAMAZ” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýändigini belläp geçdi. Tatarystanyň Prezidenti hem öz gezeginde “KAMAZ” kompaniýasynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň, şol sanda elektrik awtobuslar boýunça ýol kartasyny taýýarlandygyny beýan etdi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti maglumat tehnologiýalary pudagynda Tatarystan bilen hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekdi.

“Geljek hepde biz akylly şäheriň (smart city) düýbüni tutarys. Biz administratiw dolandyryş, hyzmatlar, ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary we ş.m ugurlarda sanlaşdyrmak boýunça siziň toplan tejribäňiz bilen gyzyklanýarys"diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, Minnihanow Tatarystanyň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

düýn 15:48
3.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......