Wodorod ýangyçly Hyundai Nexo geçen ýoly boýunça täze dünýä rekordyny goýdy

  • 17.05.2021 19:55
  • 13k+

Hyundai Nexo krossoweri wodorod ýangyçly awtomobiliň bir bakda geçmäge ukyply bolan ýolunyň uzaklygy boýunça rekord eýesi boldy. Synag Awstraliýada geçirildi we ony professional awtosürüjiler ýerine ýetirdiler. Bu barada auto.mail.ru habar berýär.

Ýerli sürüji Brendan Riwz adaty Nexo-da Melburndan Broken-Hill şäherçesine çenli ýoly bir bakda geçdi. Bortdaky kompýuteriň maglumatlaryna görä, ýoluň umumy uzynlygy 887,5 kilometr boldy. Riwz şweýsariýaly sürüji Bertran Pikkar tarapyndan 2019-njy ýylda şeýle Hyundai Nexo-da goýlan öňki 778 km bolan dünýä rekordyny täzeledi.
Hyundai Nexo krossoweri 666 km ätiýaçlyk ýoluna eýe. Awtomobilde oturdylan GPS gurluşy ulagyň 903,4 km geçendigini görkezdi, ýöne Google kartasynyň maglumatlary boýunça, 905 km geçildi. Şeýle-de bolsa, netijäni bellige almak üçin ulagyň içinde oturdylan kompýuter ulanyldy.
Hyundai Nexo-nyň bu ýoly 13 sagat 6 minut dowam etdi. Ýolda awtomobiliň ortaça tizligi sagatda 66,9 km boldy. Bu syýahatyň dowamynda 449 100 litr kislorod we 6,27 kg wodorod gaýtadan işlenildi.
Hyundai Nexo zyýanly zyňyndylaryň derejesi nol bolan wodorod ýangyç elementli (FCEV) elektromobildir. Awtomobil diňe suw buglaryny çykarýar. Hyundai model 2018-nji ýylyň martynda satuwa çykaly bäri 10 müňden gowrak Nexo satdy. Bu model Koreýanyň bazarynda, şeýle-de Ýewropada, Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada satylýar.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....