Türkmenistanda dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy amala aşyrylýan işler

  • 15.05.2021 14:52
  • 23k+

Raýatlar dynç alşa gitmezinden öň, ýollamanama alandan soň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite ýerlerde (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym alarlar. Emele gelen ýagdaý, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan geçirilýän işler hem-de dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy amala aşyrylýan işler boýunça teklipler barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly,

  • Zerur bolan hemme anyklaýyş we sarp ediş serişdeleriniň ýeterlik mukdarda bar, olaryň ätiýaçlyk gory döredildi. Ýurdumyza Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň enjamynyň ikisi getirilip, enjamlary Türkmenbaşy şäherinde arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň barlaghanasynda gurnamak göz öňünde tutulýar;
  • Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini hem-de soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçilendigini, şeýle hem koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçilendigini tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy barada resminama alarlar;
  • Awazadaky hyzmat ediş desgalaryna işe kabul edilen işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçmeli bolarlar hem-de COVID-19-a garşy test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama almaly bolar. Häzirki wagtda bu işgärlere koronawirusa garşy sanjym edildi;
  • Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerindäki hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri her 15 günden çalşyk görnüşinde işlärler we her çalşykda COVID-19-a garşy test barlagyny geçerler;
  • Döwlet Baştutanynyň başlangyjy netijesinde Russiýa Federasiýasyndan sanjymlaryň 3 görnüşi hem-de HHR-den 2 görnüşi getirildi;
  • Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç alşa gelýän raýatlaryň Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde, demir ýol we awtoulag menzillerinde beden gyzgyny ölçenilýär;
  • Dynç alşy bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Awazanyň ähli myhmanhanalarynda, kottejlerinde we sagaldyş merkezlerinde lukmançylyk otaglary hem-de ýokanç kesele güman edilen näsaglar üçin izolýatorlar döredildi. Zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen şol otaglarda we izolýatorlarda beýlekilerden üzňe saklamak üçin ýerler tejribeli lukmanlaryň nobatçylygy guralar;
  • Gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, gije-gündiz işleýän lukmançylyk bölümi döredilip, oňa “Tiz kömek” awtoulagy berkidiler. Dynç alyş möwsüminde syýahatçylyk zolagyndaky desgalarda 35 lukman, 35 şepagat uýasy we 12 sanitar lukman saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirer;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, dynç alyş döwründe ýiti öýken sowuklama keseline güman edilen adamlar Awaza etrabynda ýerleşýän karantin merkezine ýerleşdiriler;
  • “Awazada” ýerleşen desgalarda we olaryň daş-töwereginde dezinfeksiýa, dezinfeksiýa we deratizasiýa işleri yzygiderli geçiriler. Naharhanalarda we aşhanalarda jemgyýetçilik iýmitiniň guralyşyna, iýmit önümleriniň hiline, howpsuzlygyna hem-de saklanylyşyna gözegçilik ediler;
  • Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýyna, zolagyň çäginde ýerleşýän agyz suw süýjediji hem-de beýleki desgalarda, şeýle hem adamlaryň suwa düşýän we dynç alýan ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýlaryna gözegçilik amala aşyrylar. Meýilnama laýyklykda, Hazaryň türkmen kenarynyň bellenen nokatlarynda suwuň, topragyň we howanyň barlaglary geçirilip durlar;
  • Ýurdumyzyň şypahanalary hem tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlanyldy. Islendik şypahanada saglygyny dikeltmegi üçin raýata ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden berilýän şypahana depderçesi hem-de saglyk ýagdaýy barada kepilnama zerurdyr. Saglygy dikeltmek üçin «Awaza» şypahanasyna barmaga we onda bolmaga ygtyýar COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilendigi baradaky goşmaça kepilnama esasynda berilýär;
  • Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, çagalar sagaldyş merkezlerini öňümizdäki dynç alyş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, geçirilýän ähli işlere gözegçiligi amala aşyrýan ýörite topar döredildi. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak, şol sanda ähli sagaldyş merkezlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek, binalaryň içinde her gün 2-3 wagtyna üzärlik tütetmek we otaglary ýelejiretmek, zir-zibil ýygnalýan ýerleri her gün arassalap durmak we zyýansyzlandyrmak, guralýan çäreleriň dowamynda howpsuz aralygyň saklanylmagyny berjaý etmek, çagalaryň beden gyzgynyny yzygiderli galtaşyksyz ölçemek, çagalar sagaldyş merkezleriniň işgärlerine sanjym etmek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, tomusky dynç alyş döwründe öňüni alyş çäreleriniň ählisini Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan kabul edilen çözgütlere pugta laýyklykda amala aşyrmak maksat edinilýär.

şu gün 00:57
118

Demrewe garşy sanjym infarkt howpuny 32% peseldýär

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze maglumatlara görä, demrewe garşy sanjym almak ýürek-damar keselli adamlarda infarkt döremek howpuny 32% peseldip biler. Alymlar bu netijäni gazanmak üçin ABŞ-yň ateroskleroz (damarlaryň daralmagy) keselli 246 müňden gowrak ýaşaýjysynyň maglumatlaryny öwrendiler...

düýn 15:20
1.8k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

düýn 07:47
1.5k+

Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi...

21.03.2026 15:40
5k+

Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...