«Türkmenhowaýollary» «Awaza» goşmaça gatnawlary ýola goýar

  • 15.05.2021 12:59
  • 21k+

Tomus dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, goşmaça gatnawlar ýola goýlar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

D.Saburowyň habar bermegine görä, häzirki döwürde emele gelen ýagdaý we dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy mundan beýläk geçirilmeli çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri tarapyndan gelip-gidýän ýolagçylaryň ählisi yzygiderli barlagdan geçirilýär hem-de ekipaž agzalaryna öňüni alyş sanjymlary edilýär.
Şeýle hem ýolagçylaryň ulanmagy üçin howa menzilleriniň ähli zallary gorag serişdeleri bilen üpjün edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň pudagy goldamak üçin ähli çäreleri görýändigini, şunuň bilen birlikde, raýat awiasiýasynyň işiniň täze şertlere uýgunlaşmagynyň netijeli usullaryny tapmagyň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýdyp, diňe bilelikdäki tagallalar hem-de utgaşykly işler arkaly bu ählumumy howpa garşy göreşmekde oňyn netijeleri gazanyp boljakdygyny belledi.

düýn 14:55
1.8k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......