«Awazada» dynç aljak raýatlara rugsatnama resminamalary berler

  • 15.05.2021 12:41
  • 19k+

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen göçme mejlisine gatnaşdy.

Mejlisde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow ählumumy pandemiýany, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň bu ulgama ornaşdyrylmagyny nazarda tutup, gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi hem-de tomusky dynç alyş döwründe ýörite topary döretmegi tabşyrdy. Şol topar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda beýleki ugurdaş edaralar bilen utgaşyklykda, degişli işleri geçirmelidir. Şunda raýatlara berilýän rugsatnama resminamalarynyň düzgünlere laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi, dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy mundan beýläk geçirilmeli işler barada hasabat berdi.
Türkmen Lideri hasabaty diňläp, ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen, amala aşyrylýan öňüni alyş çäreleriniň uly ähmiýete eýedigini belläp, ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany raýatlaryň degişli resminamalarynyň bolmagyna, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişine degişli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

şu gün 10:16
1.3k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

şu gün 08:03
1.9k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

düýn 20:06
2.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

düýn 17:05
6.7k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......