BSGG: dünýäde COVID bilen keselleýänleriň we ýogalýanlaryň hepdelik sany 4% azaldy

  • 13.05.2021 15:57
  • 10k+

Geçen hepde dünýäde 5,5 milliondan gowrak koronawirus ýokuşmasy we 90 müňden gowrak ölüm hasaba alyndy. Ondan aňyrky hepde bilen deňeşdirilende, kesel we ölüm derejesi 4% azaldy diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) çarşenbe güni Ženewada habar berdi.

"Bütin dünýäde COVID-19 bilen täze kesellänleriň we ölenleriň sany birneme azaldy: 5,5 milliondan gowrak adama wirus ýokuşdy we 90 müňden gowrak adam aradan çykdy"-diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hepdelik epidemiologik býulleteninde belläp geçdi. Şeýle hem gurama birneme peselendigine garamazdan, aradan çykýanlaryň sanynyň gaty ýokary derejede galýandygyny nygtady.
Keselleme derejesi Günorta-Gündogar Aziýa sebitinde (6%) ýokarlandy. Bu sebite BSGG Hindistan bilen deň derejede garaýar. Şeýle hem täze kesel ýokuşmalarynyň sany Ýewropada 23%, Gündogar Ortaýer deňzinde - 13%, Afrikada - 5%, Demirgazyk we Günorta Amerikada - 4% azaldy. Ölüm derejesi bolsa Günbatar Ýuwaş ummany sebitinde (34%) we Günorta-Gündogar Aziýada (15%) ep-esli ýokarlandy, ýöne Ýewropada (18%), Gündogar Ortaýer deňzinde (13%), Amerikada (4%), şeýle hem Afrikada (3%) azaldy.


23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...