Michelin plastik çüýşelerden awtoulag tekerlerini öndürip başlar

  • 10.05.2021 20:06
  • 15k+

Awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän meşhur "Michelin" fransuz kompaniýasy plastik çüýşelerden teker öndürmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Mundan has öňräk kompaniýanyň wekilleri 2050-nji ýyla çenli doly gaýtadan işlenilýän awtoulag kauçuklarynyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýändiklerini aýdypdylar.
Täze tejribe ferment gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny döretmek boýunça ýöriteleşen "Carbios" biohimiýa kompaniýasynyň goldamagynda durmuşa geçiriler. Hünärmenler plastik çüýşelerden rezin tekerler üçin güýçlendiriji süýümleri nädip almalydygyny eýýäm kesgitlediler. Şeýle hem plastmassa çig malynyň käbir fermentler bilen garylandygy, munuň bolsa oňa tekere mahsus häsiýetleri berýändigi bellenildi.
Mundan başga-da, bu işde adaty üwemek we gaýtadan eredip guýmak usulynyň ýeterlik däldigi nygtalýar, sebäbi bu prosesde plastmassanyň güýçlendiriji häsiýetleri ýaramazlaşýar diýip, çeşme habar berýär.

düýn 20:53
1.6k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

düýn 17:35
2.5k+

Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi....

düýn 12:41
2.2k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 10:57
2.6k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......