Türkmenistan bilen «Sehil» türk kompaniýasynyň maýa goýum dawasy boýunça gutarnykly çözgüt kabul edildi

  • 10.05.2021 14:04
  • 36k+

Maýa goýum dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkeziniň (International Centre for Settlement of Investment Disputes – ICSID) Türkmenistan bilen Türkiýäniň "Sehil" kompaniýasynyň arasynda maýa goýum dawasy bilen bagly işi boýunça çykaran gutarnykly kararynyň jikme-jiklikleri belli boldy. Arbitraž kazyýet iş boýunça ähli arzalary ret etdi.

Dawa Türkmenistanyň türk kompaniýasynyň maýa goýumlaryna galp päsgelçiligi boýunça ýüze çykdy. Arzaçylar Türkmenistanyň 31 gurluşyk şertnamasy boýunça çäre görüp, ikitaraplaýyn maýa goýum şertnamasyny bozandygyny öňe sürüp, 500 million dollar töweregi öwez tölegini talap etdiler.
Kazyýet öz karary bilen, ikitaraplaýyn maýa goýum şertnamasyny çäginde diňe kompaniýanyň emläk talaplaryny diňlemek hukugynyň bardygyny anyklady we bu arzany ret etdi.
Hususan-da, kazyýet arzaçylaryň Türkmenistan bilen baglaşylan beýleki şertnamalarda göz öňünde tutulan has amatly gorag ülňülerine girmek üçin iň amatly ýurt şertnamasy maddasyna bil baglap bilmejekdigi barada biragyzdan karar berdi.
Şeýlelik bilen, 10 ýyla golaý wagt dowam eden kazyýet işi Türkmenistanyň peýdasyna çözüldi diýip, ORIENT habar berýär.

MDÇHM (ICSID - Maýa goýum dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkezi) BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä bankynyň düzümine girýän awtonom halkara guramalaryň biridir. ICSID taraplary ýaraşdyrmak we halkara maýa goýum dawalarynda arbitraž amallary üçin kanuny mümkinçilikleri üpjün etmek maksady bilen döredildi.

düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
746

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.4k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......