Türkmenistanda howa maglumaty: 10-16-njy maý

  • 10.05.2021 09:24
  • 34k+

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada «Türkmenistan» gazetinde berýän maglumatyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.
Ahal we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda azkem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +18 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +25... +30 gradusdan +29...+34 gradus aralygynda maýyl bolar.
Ma­ry we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.
Le­bap we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29 gradusdan +30... +35 gradus aralygynda maýyl bolar.
Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.
Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 9 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +16 gradusdan +18... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +29 gradusdan +31... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......